Конспект по информатике на тему Ýönekeý sanlara degişli meseleleri çözmek. Sanlary onluklara we ýüzlüklere dagytmak. (5 synp)

Ýönekey sanlara degişli meseleleri cozmek. Sanlary onluklara we yuzluklere dagytmak. Eger-de san özüne we 1-e bölünýän bolsa, onda beýle sanlara yonekey sanlar diýilýändigini matematikadan bilýäris. Sanyň ýönekeýligini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ony ýönekeý köpeldijilere dagydyp ýazmaly, ýagny paýda 1 san alynýança ýöneký sanlara bölmeli. Ýönekeý sanlaryň içinde yzygiderli gelýän we tapawudy ikä deň bolan sanlaryň jübtüne ekiz sanlar diýilýär. Mysal üçin: 5 we 7, 11 we 13, 17 we 19 we ş.m....
Раздел Информатика
Класс -
Тип Конспекты
Автор
Дата
Формат doc
Изображения Нет
For-Teacher.ru - все для учителя
Поделитесь с коллегами:

5-"a,b,ç" synp 24-nji sapak Senesi: ____________20___ ýyl

Sapagyň temasy: Ýönekey sanlara degişli meseleleri cozmek. Sanlary onluklara we yuzluklere dagytmak.

Sapagyň maksady Ýönekey sanlara degişli meseleleri cozmek. Sanlary onluklara we yuzluklere dagytmak barada düşünje bermek

Sapagyň terbiýeçilik ähmiýeti: Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek, kompýuter tilisimatynyň inçe syrlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede öwretmek.

Sapagyň görkezme eEsbaby : Kompýuter tehnologiýalary"kitap, suratlar, kompýuter, Power-Point maksatnamasy .

I Guramaçylyk döwri : Okuwçylary informatika otagyna eltmeli. Okuwçylaryň gatnaşygynyň derňewi. Kompýuterde işlemegiň tertibi we howpsuzlyk düzgünleri gaýtalamaly.

II Öý işini barlamak: 1. Cyzyjy yerine yetiriji haysy işi yerine yetiryar? 2. Cyzyjy yerine yetirijide haysy gurallardan peydalanylyar?

3. Galamyň haysy esasy yagdaylary bar? 4. Cyzyjy yerine yetirijide haysy hokmany buyruklar ulanylyar?

III Temanyň gysgaça beýany: Yonekey sanlara degişli meseleleri cozmek.Sanlary onluklara we yuzluklere dagytmak.

Eger-de san özüne we 1-e bölünýän bolsa, onda beýle sanlara yonekey sanlar diýilýändigini matematikadan bilýäris. Sanyň ýönekeýligini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ony ýönekeý köpeldijilere dagydyp ýazmaly, ýagny paýda 1 san alynýança ýöneký sanlara bölmeli. Ýönekeý sanlaryň içinde yzygiderli gelýän we tapawudy ikä deň bolan sanlaryň jübtüne ekiz sanlar diýilýär. Mysal üçin: 5 we 7, 11 we 13, 17 we 19 we ş.m. 100 çenli sanlaryň içinde sekiz sany ekiz sanlar bardyr. 24 we 45 sany ýönekeý köpeldijilere dagytmagyň algoritmini ýazalyň:

24-i ýönekeý köpeldijilere dagytmaly

45-i ýönekeý köpeldijilere dagytmaly

Başlangyjy

Başlangyjy

24 san berlen

45 san berlen

2-ä böl

3-ä böl

Netijäni 2-ä böl

Netijäni 3-e böl

Netijäni 2-ä böl

Netijäni 5-e böl

Netijäni 2-ä böl

Netijani yaz:3,3,5

Netijäni 3-e böl

Soňy

Netijani yaz:2,2,2,3

Soňy


Şeyle hem 2-a,3-e we 5-e bolunijilik nyşanlary arkaly sanyň yonekeyligini ya-da yonekey daldigini kesgitlemek bolyar. Kompyuter ucin algoritm duzulende 2,3,5 sanlara bolunijilik nyşanlary boyunca yonekey sanlary kesgitlemegi aşakdaky gornuşde amala aşyrmak bolar: а) eger 2-den uly san 2-a galyndysyz bolunse ol yonekey san dal; б) eger 3-den uly san 3-e galyndysyz bolunse ol yonekey san dal; в) eger 5-den uly san 5-e galyndysyz bolunse ol yonekey san dal. Yokardaky aydylanlardan gornuşi yaly birnace sanyň yonekey sandygyny kesgitlemek algoritmi ozunde şahalanma, gaytalanma we komekci algoritmi saklar. Berlen 6-dan 15- cenli sanlaryň icinden yonekeylerini kesgitlemegiň algoritmini duzeliň:

83 sanyň razrýadlaryny tapmak

Başlangyjy

83 iki belgili sany alyň

Sany girizmek

83-i 10-a bölüň

3 galyndyny alyň

Soňky sifri tapmak

83-i 10-a bölüň

Paýyň bitin bölegini alyň

Birinji sifri tapmak

8 onlugy we 3 birligi ýazyň

Netijani cykarmak

Soňy


Başlangyjy

6-dan 15- cenli sanlary almaly

Başlangyjy

Eger san 2-a galyndysyz bolunse ol yonekey san dal

Onda bu sany berlen koplukden ayyrmaly

Eger san 3-e galyndysyz bolunse ol yonekey san dal

Onda bu sany berlen koplukden ayyrmaly

Eger san 5-e galyndysyz bölünse ol ýönekeý san däl

Onda bu sany berlen köplükden aýyrmaly

Soňy

Galan sanlar: 7;11,13.

Soňy

Sany razrýadlar boýunça dagydyp bolýandygyny matematikadan bilýänsiňiz. Mysal üçin 5792=5*1000+7*100+9*10+2, bu sanyň bäş müňlügi, ýedi ýüzlügi, dokuz onlugy we iki birligi saklaýandygyny aňladýar.

Ikibelgili sanyň razrýadlaryny tapmagyň algoritmini ýazalyň.

IV Temany berkitmek: 1. Ýönekeý san diýip nähili sana aýdylýar?

2. Sanyň ýönekeýligini nähili kesgitläp bolýar?

3. Sanyň ýönekeýligini bölünijilik nyşanlaryndan peýdalanyp nähili

kesgitlemek mümkin?

4. Sanyň ýazgysyndaky sifrleri aýratynlykda nädip almaly?

VI Öý işi : Temany okap gelmeli. Soraglara jogap taýýarlaň.

VII Bahalandyrmak

Mugallym: ____________ S.Niýazmetow

Mekdep müdüriniň okuw

işleri boýunça orunbasary: _________ R.Rozmetow



© 2010-2022