Конспект по информатике на тему Maglumatlar bazasy barada düşünje (11-synp)

Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy (MBDS) Şeylelikde, MB - maglumat ammary bolup, doredilen MB-ni dowrebap dolandyrmak arkaly, Maglumat bazalaryny dolandyryş sistemasy (MBDS) diylip atlandyrylyan MB bilen işlemek ucin yorite programma upjuncilikleri bardyr. MBDS - bu programma upjunciligidir, mundan peydalanyjylar MB-ni doredip we oňa elyeterli bolup bilyarler. MBDS-niň programmalayyn duzumi yadrodan we hyzmat programma serişdelerinden ybaratdyr. Yadro - MB--niň doredilmegi hem-de alnyp b...
Раздел Информатика
Класс -
Тип Конспекты
Автор
Дата
Формат doc
Изображения Есть
For-Teacher.ru - все для учителя
Поделитесь с коллегами:

43-nji sapak.

Senäsi: ___ ____ 20 __ ýyl 11-nji "a","b","ç" synplar

Sapagyň temasy: §21 Maglumatlar bazasy barada düşünje

Sapagyň maksady: Maglumatlar bazasy barada düşünje bermek.

Sapagyň terbiýeçilik ähmiýeti: Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek, kompýuter tilisimatynyň inçe syrlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede öwretmek.

Sapagyň görkezme esbaby: Atalyk kitaplary, okuw kitaby we kompýuter prezentasiýalary.

Sapagyň gidişi:

  1. Guramaçylyk döwri.Okuwçylaryň gatnaşygynyň derňewi.

  2. Öý işleriniň barlygy. Okuwçylary bahalandyrmak.

Temanyň gysgaça beýany: §21. Maglumatlar bazasy barada düşünje

Adamzat hemişe informasiýalaryň içinde ýaşaýar, daş-töweregi gurşap alan dünýäden informasiýalary duýuş organlarynyň kömegi bilen yzygider alýar we bellibir bölegini öz ýadynda saklamaga çalyşýar, pikirlenmek arkaly informasiýalary seljerýär we beýleki adamlar bilen piker alyşýar. Adamyň ýaşaýyş- durmuşynda daşky dünýä barada köp mukdarda maglumatlar ýygnanýar. Şol maglumatlary saklamak we täzeden işläp taýýarlamak, indiki nesillere ýetirmek meseleleri öňe çykýar. Bu meseleler dürli döwürlerde dürli usullarda amala aşyrylypdyr. Has ýakyn wagtlara çenli hem bu mesele, köplenç, ýazgy görnüşinde saklanylypdyr. Resminamalar, kitaplar ýazgy- rowaýat, dilden- dile ýazgy görnüşinde arhiwlerde, kitaphanalarda saklanylypdyr. Bu usul öz döwründe netijeli hasaplanylypdyr. Olary saklamak üçin köp ýer gerek bolýar. Gerekli resminamany, kitaby we beýleki maglumatlary gözlap tapmak yeterlik kop wagty talap edyar. Hasaplaýyş tehnikasynyň we informasiýalary electron görnüşe geçirmeklige mümkinçilikleriň döremegi maglumatlary saklamakda hem-de gaýtadan işläp taýýarlamakda uly ýeňillikler döretdi. Maglumatlar kop adamlara elyeterli bolar yaly, olary saklamaklygyň birnäçe amatly usullary işlenilip taýýarlanyldy. Maglumatlary saklamaklygyň şol usullarynyň biri hem maglumatlar bazasydyr.

«Maglumatlar bazasy » adyndan belli bolşy ýaly, bu maglumatlaryň bellibir böleginiň bilelikde saklanylmagydyr we zerurlyk dörände peýdalanyp boljak maglumatlaryň toplumydyr. Islendik maglumatlaryň toplumyny maglumat bazasy diyip atlandyryp bolmayar.Maglumatlar bazasy (MB) - munuň özi özara baglanyşykly guramaçylykly toplanan, kompýuterleriň ýadynda we daşky maglumat göterijilerde uzakmöhletleyin saklamaklyga we yzygider peydalanylmaga we tazelenilmage niyetlenilen maglumatlardyr.

Bu name diýmek? Kitaphanada kitaplar tekjelerde saklanylýar, awtorlar, temalar boýunça maglumatlar bolsa kataloglarda ýerleşdirilýär. Resminamalar arhiwlerde ýyllary, bölümleri boýunça, käbir maglumatlar bolsa aýratyn kataloglarda ýerleşdirilýär. Şol kataloglary peýdalanyp, kitaphanalardan kitaplary, arhiwden resminamalary tapmak has amatly bolýar. Şeýle amatlylyk kataloglarda maglumatlaryň birmeňzeş aňladylmagynyň we birmeňzeş gurluşynyň bolmagynyň hasabyna mümkin bolýar. Maglumatlar bazasynyň adaty kataloglara garanyňda has çylşyrymly gurluşy bardyr. Maglumatlar özara biri-birleri bilen berk baglanyşdyrylandyr. Bular barada biz Şu ölümde has giňişleýin öwreneris. Haýsydyr bir okuw mekdebiniň maglumatlar bazasyny göz öňüne getireliň. Maglumatlar bazasynda okuw mekdebi barada ähli maglumatlar saklanylýar:

- okuw mekdebiniň ýerleşýän salgysy; - okuw mekdebiniň ýolbaşçylary;

- okuwçylaryň sanawy;

- doglan seneleri; - ýaşaýan salgylary; - okaýan synplary; - dersler boýunça alan bahalary;

- okadylýan dersler; - mugallymlar baradaky maglumatlar; - okuwçylaryň ene-atalary baradaky maglumatlar; - ýyllar boýunça mekdebi tamamlan okuwçylar baradaky maglumatlar; - telefon belgileri we ş.m. Haýsydyr bir obýekt boýunça ýeterlik informasiýalaryň toplumy − şol obýektiň informasiýa modelidir.Maglumatlar bazasynda saklanýan maglumatlar häsiyetleri boyunca faktografik we resminamalaýyn yaly MB-lere

bolunyarler.

Конспект по информатике на тему Maglumatlar bazasy barada düşünje (11-synp)

33-nji syrat

Faktografik MB-de seredilýän obýekt barada gysgajyk maglumatlar berilýär. Başgaça aýdanymyzda, faktografik MB şol obýekt baradaky faktlary suratlandyrýar. Resminamalaýyn MB ähli resminamalary dolulygyna özünde saklaýar. Resminamalaýyn MB dürli görnüşli ýazgy, grafiki, ses, multimedia we ş.m. informasiýalaryň giň toplumyny özünde jemleýär. Kitaphanadaky kartoteka faktografik MB bolýar, onda kitap we onuň awtorlary barada gysgajyk maglumatlar berilýär, kitaplaryň saklanylýan ýeri, resminamalaýyn MB bolup, onda ähli kitaplar tutuşlygyna saklanýarlar. MB-ni saklamak usuly boýunça merkezleşdirilen we paýlaşdyrylan MB-leri tapawutlandyrýarlar. Eger MB-niň hemme bölümleri bir kompýuterde saklanýan bolsa, onda ol merkezleşdirilen MB-dir. Eger MB-niň bölümleri özara torlar arkaly birleşdirilen dürli kompýuterlerde saklanýan bolsa, onda ol paýlaşdyrylan MB bolyar. Maglumatlar umumy görnüşde birnäçe modellerde: tabynlykly - iýerarhik (33-nji surat), tor we tablisa görnüşlerde şekillendirilýär. Tabynlykly maglumatlar bazasy. Maglumatlaryň modeliniň görnüşleri daragt düzüminde «bitin- bölegi » gatnaşykda amala aşyrylýar. Tabynlyk modeliniň nyşanlary: bir daragt bir köke eýe; bir düwün bir ýa-da birnäçe atributlara eýedir. Obýektler biri- birleri bilen baglanyşyklydyrlar, her bir obýekt özünden kiçi derejeli obýektleriň birnäçesini saklap bilyar. Mysal ucin, windowsyň papkalar katalogy tabynlykly MB- -dir. Ýokary derejäni iş stoly eýeleýär.

Ikinji derejeli papkalar: Мой компьютер, Мои документы, Сетевое окружение we Корзина öz gezeginde Мой компьютер ((С:), (D:), (Е:), (F:)) we ulgamlaýyn papkalary (Принтеры, Панель управления we beýlekiler.) özünde saklaýar (34-nji surat).

Конспект по информатике на тему Maglumatlar bazasy barada düşünje (11-synp)

34-nji syrat

Tabynlykly MB mysal bolup biljek ýenede bir MB-e seredeliň. Tutuş Internetiň özi maglumat bazasydyr,Internete birikdirilen kompýuterleriň Domen atlarynyň sistemasydyr. Iň ýokarsynda ýokary derejeli domenleriň sanawyny (jemi 264 domen) saklayan tablisalayyn MB ýerleşýär, olardan 7 sanysy administratiw galanlary geografiki taýdan üzňedir. Ikinji derejede her bir birinji derejeli domen üçin ikinji derejeli domenleriň sanawyny saklaýan tablisa MB ýerleşýär. Üçünji derejede her bir ikinji derejeli Domen üçin üçünji derejeli domenleriň sanawyny we ikinji derejede ýerleşýän kompýuterleriň IP salgylaryny saklayan tablisalayyn MB ýerleşýär (35-nji surat). Atlaryň Domen sistemasynyň MB-si Internete birikdirilen ähli kompýuterlerdäki 150 milliondan gowrak ýazgyny özünde saklaýar. Şeýle mukdardaky MB-ni dine bir kompýuterde saklamak

− informasiýalary gözlemekde örän haýallyga hem-de pes netijelilige elterdi. MB-niň käbir bölumlerini durli DNS serwerlerde saklamak bu meseläni çözmekligi ýeňilleşdirdi. Şeýlelikde, atlaryň Domen sistemasynyň tabynlyk (iýerarhik) MB-si − hem paýlaşdyrylan MB hasaplanylýar (35-nji surat).


Конспект по информатике на тему Maglumatlar bazasy barada düşünje (11-synp)

35-nji surat

Tor maglumat bazalary. Tor MB-leri tabynlyk (iýerarhik) maglumat bazalarynyň umumylaşdyrylan görnüşidir. Tor modellerinde obýektleriň arasyndaky arabaglanyşyklar çäklendirilmeýär. Bütindünýä kerebi bolan Global kompýuter tory - Internet tor MB-si hasaplanýar. Gipersalgylanmalar ýüz millionlarça resminamalary bitewi paýlaşdyrylan MB bilen baglanyşdyrýar. Tablisalayyn - relyasion MB-ler. Relyasion MB-ler tablisa görnüşine eýedirler. Bu MB-leriň sütünleri we setirleri bolan adaty tablisalardan durýar (7-nji tablisa).

7-nji tablisa

T/b

1-nji sütün

2-nji sütün

3-nji sütün

4-nji sütün

1-nji setir


2-nji setir


3-nji setir


Relyasion MB-lerde sütünler we setirler başgaça atlandyrylýar. Sütünlere- meýdança (поле), setirlere- ýazgy (запись) diýlip at berilýär (8-nji tablisa).

8-nji tablisa

1-nji meýdança

2-nji meýdança

3-nji meýdança

4-nji meýdança

1-nji ýazgy


2-nji ýazgy


Mysala seredeliň: howanyň hepdelik maglumaty (9-njy tablisa).

9-njy tablisa

Hepdäniň günleri

Howanyň derejesi

Atmosferanyň basyşy

Howanyň çyglylygy

Ýeliň ugry we tizligi

Duşenbe


Sişenbe


Çarşenbe


Penşenbe


Anna


Şenbe


Ýekşenbe


Birinji sütünde hepdäniň günleri, beýleki sütünlerde hepdäniň şol günlerindäki dürli maglumatlary ýerleşdirilen. Başgaça, 1-nji sütünde «obýektleriň » sanawy beýleki 2-5 sütünlerde «obýektleriň » häsiýetleri sanalyp geçilýär. Ýagny ýazgy bir obýektiň hemme häsiýetlerini, meýdança bolsa, ähli obýektleriň bir häsiýetini özünde saklaýar. Her bir meýdançanyň ady bolmaly. Meýdançanyň ady-bu sütüniň adydyr. Mysal üçin, biziň tablisamyzda 1-nji meýdança «hepdäniň günleri », 2-nji meýdança «howanyň derejesi » we ş.m. Her bir meýdança haýsydyr bir maglumaty saklaýar. Şol maglumaty tablisa girizmezden öň kompýutere şol maglumatyň giňeltmesini (тип поля) görkezmeli.

Meýdançanyň giňeltmesi, meýdançanyň kabul edip, amallaryň toplumyny geçirip biljek bahalarynyň köplügi. Maglumatlar bazalarynda ýerine ýetirip bilýän esasy funksiýalarymyz: - MB gurluşyny döredip;

- MB maglumatlar bilen dolduryp;

- MB gurluşyny we mazmunyny üýtgedip (redaktirläp);

- MB maglumatlary gözläp;

- Maglumatlary saýlap;

- MB gorap;

- MB butewuligini barlap.

4. Temany berkitmek: Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak.

1. Maglumatlar bazasy näme?

2. Saklanyş usullary boýunça MB haýsy görnüşlere bölünýär?

3. Gurluşy boýunça MB haýsy görnüşlere bölünýär?

4. Tablisalaýyn, tabynlykly (iýerarhik) we tor MB-leri öz aralarynda nähili tapawutlanýarlar? Mysallar getiriň.

5. Tor we paýlaşdyrylan MB-ler özara nähili tapawutlanýarlar?

6. Tablisalayyn - relyasion MB-lere häsiýetnama beriň. 7. Maglumatlar bazalarynda ýerine ýetirip bilýän esasy funksiýalarymyz haýsylar?

5. Öýe ýumuşlar: Temany okap gelmeli. § 21 Sah 105

Mugallym: ____________ S.Niýazmetow

Mekdep müdüriniň okuw

işleri boýunça orunbasary: _________ R.Rozmetow

44-nji sapak.

Senäsi: ___ ____ 20 __ ýyl 11-nji "a","b","ç" synplar

Sapagyň temasy: §22. Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy

Sapagyň maksady: Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy barada düşünje bermek.

Sapagyň terbiýeçilik ähmiýeti: Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek, kompýuter tilisimatynyň inçe syrlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede öwretmek.

Sapagyň görkezme esbaby: Atalyk kitaplary, okuw kitaby we kompýuter prezentasiýalary.

Sapagyň gidişi:

  1. Guramaçylyk döwri.Okuwçylaryň gatnaşygynyň derňewi.

  2. Öý işleriniň barlygy. Okuwçylary bahalandyrmak.

Temanyň gysgaça beýany: Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy (MBDS)

Şeylelikde, MB - maglumat ammary bolup, doredilen MB-ni dowrebap dolandyrmak arkaly, Maglumat bazalaryny dolandyryş sistemasy (MBDS) diylip atlandyrylyan MB bilen işlemek ucin yorite programma upjuncilikleri bardyr. MBDS - bu programma upjunciligidir, mundan peydalanyjylar MB-ni doredip we oňa elyeterli bolup bilyarler. MBDS-niň programmalayyn duzumi yadrodan we hyzmat programma serişdelerinden ybaratdyr. Yadro - MB--niň doredilmegi hem-de alnyp barylmagy ucin zerur we

yeterlik bolan programma modullaryny saklayar. programmalary goşmaca mumkincilikleri we goldawlary ulanyjylaryň ygtyyaryna beryar. Maglumatlary kompyuterde işlap tayyarlamak merkezleşdirilen we paylaşdyrylan usullara bolunyar. Merkezleşdirilen usulda işlap tayyarlamak - MB hasaplayyş sistemasynyň, şol bir kompyuterinde yerleşdirilyar. Paylaşdyrylan usulda MB hasaplayyş sistemasynyň islendik kompyuterinde saklanyp bilner, ol ahli kompyuterlere elyeterlidir.

Kompyuter torunda merkezleşdirilen MB faylserwer, muşderi-serwer gornuşlerde guralyp ulanyjylara elyeterli edilyar. Toruň fayl-serwer gornuşinde bir kompyuter fayllaryň merkezi serweri bolup hyzmat edyar. Tordaky ahli galan kompyuterler iş stansiyalarynyň funksiyalaryny yerine yetiryarler. Kompyuter torunyň Muşderiserwer gornuşinde merkezi kompyuterde merkezleşdirilen

MB saklanyp, onda maglumatlary işlap tayyarlamak işleriniň esasy mocberi yerine yetirilyar. Muşderiler SQL (Structured Query Language - Yuz tutmalaryň Strukturalaşdyrylan Dili) talapnamasy boyunca maglumatlary ondan alyp bilyarler. MBDS-leri uniwersallyk derejesi boyunca: umumy maksatlara we yorite maksatlara niyetlenen toparlara bolyarler. Kompyuteriň programma upjunciliginde kopsanly MBDS- ler bardyr. Olaryň sanawynda dowrebap, umumy maksatlara

niyetlenen MBDS-leriň biri, hazirki wagtda kompyuterlerde we kompyuter torlarynda giňden ulanylyan, MS Access programmasydyr. Ol MS Offise programmalaryň toplumyna giryar hem-de meşhur MS Word, MS Excel yaly programmalar bilen bilelikde işlap bilyar. Bu programma

ozuniň elyeterliligi bilen şeyle-de işlemek ucin yeňilligi bilen tapawutlanyar. Şeyle hem MS Access-iň obyektlerinde Active X tehnologiyany ulanmak bilen Visual Basic algoritmik dilini hem peydalanyp bolyar. «Access» iňlis sozi yetmek - acar manysyny beryar we «Akses» diylip okalyar.

Hazirki wagtda MBDS-niň MySQL, Oracle, DB2, FoxPro, InterBase yaly we başga-da mumkincilikleri has giň bolan gornuşleri işlenilip tayyarlanyldy. MB işlap tayyarlamak iki adimden duryar:

- MB taslamak;

- MB doretmek.

Taslamak prosesi aşakdakylary ozunde saklayar:

- predmet yaylasyny ulgamlayyn seljermek;

- maglumatlary seljermek we maglumat modelini duzmek.

MB doretmek MBDS-niň caklerinde yerine yetirilyar we ol şulardan duryar:

- MB-niň gurluşyny duzmek;

- MB-ni maglumatlar bilen doldurmak.

Taslamaklygyň birinji adimi kagyzda yerine yetirilyar.

Ikinji adim-doretmek işi kompyuterde yerine yetirilyar.

4. Temany berkitmek: Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak.

1. MBDS name?

2. MBDS-niň programmalayyn duzumi name?

3. Merkezleşdirilen MB-ler haysy gornuşlerde guralyar?

4. MB-ni işlap tayyarlamagyň doretmek we taslamak adimlerini sanaň.

5. Öýe ýumuşlar: Temany okap gelmeli. § 22 Sah 112

Mugallym: ____________ S.Niýazmetow

Mekdep müdüriniň okuw

işleri boýunça orunbasary: _________ R.Rozmetow






© 2010-2022